GOWAÇA EKIŞINE BADALGA BERILDI

Golaýda Mary welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde gowaça ekişine badalga bermek maksady bilen dabaraly çäre geçirildi. Dabara welaýatymyzyň daýhanlary, aksakal ýaşulylar bilen birlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher we etrap Geňeşleriniň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.

Dili senaly ýaşulularyň «Bismillah»  bilen topraga gowaça tohumyny sepmegi, şol ajaýyp pursatda bolsa kämil tehnologiýaly ekiji tehnikalaryň hem ekin meýdanyna girmegi welaýatda ýaz ekişine köpçülikleýin badalga berlendiginiň alamaty bolup dabaralandy. Uly ruhubelentlik bilen ekişe ak pata berlen ýerde aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, tans  toparlarynyň  çykyşlaryna, agrosenagat toplumynyň gazanan üstünliklerine, çarwa durmuşyny açyp görkezýän sergä, şeýle-de, amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisine giň orun berildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýatymyz boýunça 162 müň gektarda gowaça ekmegi we şol ýerden 359 müň tonna hasyl almagy maksat edinýän babadaýhanlar döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar.

Maksat JANMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Öňki makala

NOWRUZ GELDI ILIME

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI