Ýolöten etrap Medeniýet merkezinde etrabyň orta mekdepleri boýunça 2024-2025-nji okuw ýylynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň welaýat, döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçy ýaşlara hem-de olara ýakyndan ýardam beren mugallymlara, şol sanda 2024-nji ýylda döwlet hem-de halkara derejesinde çykyş edip, ýeňiji bolan türgenlere we tälimçilere sagbolsun aýtmak hem-de olary sylaglamak maksady bilen dabaraly çäre geçirildi.
Dabaraly çärede etrabyň häkimi Muhammetdurdy Mämiýew, etrabyň 44-nji orta mekdebiniň halypa mugallymy Meretguly Derýaýew, etrap bilim bölüminiň müdiriniň orunbasary Arslan Mukmuradow çykyş edip, olar dabara gatnaşan ýeňijileri baýraklary bilen gutlap, geljekde hem ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler. Çärede ýeňiji bolup, baýrakly orunlara mynasyp bolan mugallymlara, okuwçy ýaşlara tälimçilere we türgenlere jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Meretgeldi ANNAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň başlygy.