SAGDYN MAŞGALA — SAGDYN NESIL

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýat häkimliginiň hem-de welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki sport mekdebinde köp çagaly maşgalalaryň arasynda «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» atly maşgala sport bäsleşigi geçirildi.

Halkara zenanlar gününe bagyşlanan maşgala sport bäsleşiginiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sport-sagaldyş hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekden, türkmen maşgalasynyň beden taýdan sagdynlygyny we bitewiligini gazanmakdan, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekden ybarat boldy. Täsirli we gyzykly geçen maşgala sport bäsleşiginiň netijesinde Gökdepe, Ak bugdaý, Kaka etraplaryndan gelen maşgalalar baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine ýörite sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Nurgeldi ÖWEZMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň buhgalteri.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 1 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER

16 Iýul 2025 | 1 okalan

ZENAN ELI GYZYL GÜL

14 Iýul 2025 | 43 okalan

“ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY”