Golaýda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, çagalaryň irki ösüşine ýardam bermek, çagalara sport tilsimlerini öwretmek we olaryň arasynda dost-doganlygy, agzybirligi berkitmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde tassyklan meýilnamasy esasynda yglan edilen «Berekella pälwanlar» atly sport bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi.
Mary şäherindäki 15-nji çagalar bagynda geçirilen bäsleşige şäheriň çagalar baglarynyň körpeleri gatnaşdylar. Emin agzalarynyň beren bahalaryna laýyklykda, baş baýraga şäherdäki 16-njy çagalar bagynyň, I orna şäherdäki 15-nji çagalar bagynyň, II orna şäherdäki 28-nji çagalar bagynyň, III orna şäherdäki 31-nji çagalar bagynyň körpeleri mynasyp boldular. Ýeňijilere we gatnaşanlara TMÝG-niň Mary şäher Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň Minnetdarlyk hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşanlar ýaş nesilleriň sagdyn hem sowatly bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Resul BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň we Mary şäher
halk maslahatynyň başlygy.