WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň, etrap Polisiýa we bilim bölümleriniň bilelikde guramagynda etrapdaky 23-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Kanun bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, sagdyn durmuşdyr ahlak ýörelgelerini berjaý etmek we ýaşlaryň watançy bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresi ýaşlar üçin örän täsirli boldy.

Çärede TMÝG-niň etrap Geňeşiniň baş hünärmeni Ýazmyrat Annagurbanow, etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi baradaky bölüminiň müdiri Arslan Jepbarow, etrapdaky 23-nji orta mekdebiň müdiri, etrap halk maslahatynyň başlygy Agajan Kullaýew çykyş etdiler. Olar ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmalydygy, ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry ýerine ýetirmelidigi, internetden dogry peýdalanmalydygy, sport bilen yzygiderli meşgullanmalydygy dogrusynda gürrüň etdiler.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ajaýyp zamanada okamaga, işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

 

Hojaberdi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat

Geňeşiniň Umumy bölüminiň

hojalyk işleri boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI