TÄSIRLI GEÇEN GEZELENÇ

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de «Miras» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda ýaşlaryň gatnaşmagynda muzeýe gezelenç guraldy.

Häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli-ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen «Wertual muzeýiň aýratynlyklary, sanly ulgamyň ähmiýeti» ady bilen guralan gezelençde muzeýiň işgärleri gadymy ýadygärlikler, taryhy gymmatlyklarymyz şeýle hem şekillendiriş sungaty barada täsirli gürrüň etdiler.

Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli mirasymyzy, geçmiş taryhymyzy öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Laçyn KAKAJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI