MILLI MIRAS – TERBIÝÄNIŇ ÖZEN

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramagynda 8-nji çagalar bakja-bagynda «Milli miras – terbiýäniň özeni» atly gezelenç çäresi geçirildi.

Çagalarda milli mirasymyza çäksiz söýgini kemala getirmek, olaryň edep-terbiýeli nesiller bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen guralan çärede TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Gülüstan Nuryýewa, 8-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Gülälek Amanowa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda çagalara terbiýe bermek meselesinde geçmiş taryhymyzyň, milli medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň çelgi bolup durýandygy, görüm-göreldäniň möhüm ähmiýete eýedigi dogrusynda durlup geçildi.

Çäräniň dowamynda körpe nesliň wekilleri halyçylyk, zergärçilik, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň gadymy nusgalary bilen tanyşdyryldy. Terbiýeçilik mazmunly ertekidir rowaýatlaryň çagalara gürrüň berilmegi bolsa olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Gezelenç çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli mirasymyzy, milli medeniýetimizi öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Sona BABAJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI