WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi tarapyndan 40-njy orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda ýaş nesillerimiziň ähli taraplaýyn ösen, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, olary arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerde terbiýelemek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlara döredilýän mümkinçiliklerden doly we dogry peýdalanyp, sagdyn hem-de berk bedenli ýaşlary kemala getirmek dogrusynda gürrüňler edildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler ýaş nesil barada edýän çäksiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Ogulnur BERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI