Ýakynda Ýolöten etrap häkimliginiň, etrap prokuraturasynyň, TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda gyz-gelinleriň arasynda milliligi wagyz etmek, şeýle-de, däp-dessurlarymyzy, ene-mamalarymyzdan galan el işlerimizi her bir ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen, «Asylly terbiýä uýmak her bir zenan maşgalanyň borjudyr» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar guramasynyň başlygy, etrap prokuraturasynyň wekili, 19-njy orta mekdebiň müdiri we beýlekiler çykyş etdiler. Olar gelin-gyzlaryň mertebesine hormat goýulýan we sarpasy belent tutulýan döwletimizde her bir işiň rowaçlyklara beslenýändigi, maşgala mukaddesligi, zenan mertebesi, enelerimizden gelýän el işleriň ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda bagtyýar zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlar aýdyldy.
Jennet ORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.