Golaýda Baýramaly etrabyndaky 36-njy orta mekdepde etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň, etrap polisiýanyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölüminiň, TMÝG-niň etrap Geňeşiniň, etrap hassahanasynyň, etrap Bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda «Edep-terbiýe – kämil durmuş» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynda Baýramaly etrap häkimliginiň baş hünärmeni Azat Myratlyýew, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Akmyrat Soltanow, etrap polisiýanyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölüminiň işgäri polisiýanyň maýory Begli Baýramow, TMÝG-niň etrap Geňeşiniň baş hünärmeni Aýgül Dodyýewa, etrap hassahanasynyň lukmany Meredaý Begliýewa, etrabyň Bedenterbiýe we sport bölüminiň jogapkär işgäri Gültäç Nursähedowa we beýlekiler çykyş etdiler.
Çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, şeýle-de, ýaşlaryň arasynda ýüze çykyp biläýjek kanuny bozulmalaryň öňüniň alynmagy, sagdyn durmuş, milli ahlak ýörelgeleriniň berjaý edilmegi barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleri asuda we bagtyýar zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Azat MUHIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.