Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden dörän «Hakyda Göwheri» we «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitaplarynyň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek maksady bilen, orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda talyplaryň gatnaşmagynda «Kitap bilen açylýar taryhyň syrly gatlary» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler halkymyzyň baý medeni mirasyny aýawly saklamalydygy, nesilden-nesle geçip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklaryň ähmiýeti, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Hakyda Göwheri», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitaplarynyň giň many-mazmuna eýedigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaç bolmagyny, döwet galamlarynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.
Kemal ÝAZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Baýramaly şäher
Geňeşiniň başlygy.