MIRASYM BAR – BUÝSANJYM BAR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Mary Garnizonynyň bilelikde guramagynda Soltan Sanjar adyndaky 3-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby gullukçylarynyň we harby okuwçylarynyň gatnaşmagynda muzeýe gezelenç guraldy.

Ýaş harby gullukçylaryň taryha, milli däp-dessurlara, mirasa, geçmişde öçmejek yz goýan taryhy şahsyýetlere bolan söýgisini we buýsanjyny artdyrmak, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde alyp barýan işlerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen guralan gezelenç «Mirasym bar – buýsanjym bar» diýlip atlandyryldy.

Gezelençde muzeýiň ylmy işgärleri taryhy gymmatlyklarymyz dogrusynda täsirli çykyş edip, olar harby okuwçylary bu ýerdäki eksponatlar bilen tanyşdyrdylar we birnäçe taryhy wakalary gürrüň berdiler.

Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli gymmatlyklarymyzy, geçmiş taryhymyzy dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Annagözel SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI