Golaýda ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny gazanmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek, şeýle hem olary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap Bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 5-nji orta mekdebinde sportuň milli göreş görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
Ýaryşda emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde Eziz Hanmämmedow 42 kg agramda çykyş edip 1-nji, Erkin Annaýew 42 kg agramda çykyş edip 2-nji, Kemal Haýrullaýew 42 kg agramda çykyş edip 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.
Ýaryşyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen sportuny ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Kakajan TÄÇGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat
Geňeşiniň kätibi.