TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETE EÝE BOLAN DUŞUŞYK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de welaýatyň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek, olara türkmençilik ýol-ýörelgelerini düşündirmek, ýaramaz gylyk-häsiýetlerden, ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmagyny gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren gymmatly tabşyryklary, öwüt-ündewleri we maslahatlary esasynda geçirilen duşuşykda many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakyndaky edýän aladalary, bu babatda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler we tutumly işler barada gürrüň edildi we talyp ýaşlaryň bidüzgünçiliklerden daşda bolmaklary ündeldi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim almagy, hünärli adamlar bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI