Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramagynda etrapdaky 27-nji orta mekdebiň okuwçy ýaşlarynyň gatnaşmagynda ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen «Medeni mirasyň sarpasy» atly gezelenç guraldy.
Mekdep muzeýinde guralan gezelençde mugallymlar täsirli gürrüňler etdiler. Olar okuwçylara bu ýerde ýerleşdirilen gadymy eksponatlar barada içgin gürrüň berdiler. Munuň bilen birlikde tymsallardyr rowaýatlary hem aýtdylar. Bu bolsa ýaşlaryň geçmiş taryhymyza, milli däp-dessurlarymyza bolan dünýägaraýşyny has-da giňeltdi. Bu gezelenç okuwçylar üçin has täsirli hem gyzykly boldy.
Gezelenjiň ahyrynda okuwçylar şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Tawus AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Tagtabazar etrap
Geňeşiniň Serhetabat şäher bölümçesiniň
baş hünärmeni.