Ýakynda Mary welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan: parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ýoly bilen» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Dabaraly maslahatda, Mary welaýat häkiminiň orunbasary Çemen Akyýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň III derejeli sekretary Güljemile Hemraýewa, Owganystanyň Mary şäherindäki Baş konsulynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulgafur Said Kuraýishiýe, Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsullygynyň I derejeli konsuly Saýýed Ghasem Zakeri, TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Mary welaýat halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary Ogulgerek Abdullaýewa çykyş etdiler. Olar ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryň, işjeň hyzmatdaşlyklarynyň has-da berkidilmegi üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulýandygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler we ähli diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramçylyklary bilen gutladylar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maksat JANMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.