El HÜNÄRI – IL GEZER

Ýurdumyzda körpe nesillerimize ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň inçe syrlaryny öwretmek, olarda zähmetsöýerligi kemala getirmek maksady bilen TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «El hünäri – il gezer» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Etrapdaky 2-nji çagalar bakja-bagynda geçirilen duşuşyk çagalar üçin has-da täsirli boldy. Söhbetdeşlik duşuşygynyň dowamynda körpe nesillere ene-mamalarymyzdan gelýän el işleriniň inçe syrlary barada gyzykly gürrüňler edildi. Şeýle-de, duşuşyga gatnaşan körpeje çagalar keşde çekmekde we alaja örmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşan çagalar ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, sowatly bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Mukam SALAROW

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI