DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Golaýda Ýolöten nebit önümleri kärhanasynda Ýolöten etrap häkimliginiň, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, TKA-niň Ýolöten etrap birleşmesiniň, TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň, TAP-niň Ýolöten etrap komitetiniň guramagynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli täze ýylyň gelmegi hem-de Nebit önümleri kärhanasynda alnyp barylýan işler bilen bagly dabaraly maslahat geçirildi.

Ýylyň-ýylyna döwrebap atlary dakmak şeýle-de üstümizdäki ýyl hem Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny toýlaýan türkmen halky bu ýyl parahatçylygyň, asudalygyň, ynanyşmagyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Çärede TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň başlygy Toýly Annyşow, TMÝG-niň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, TKA-niň Ýolöten etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TAP-niň Ýolöten etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, Ýolöten etrap häkimliginiň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aly Rahmedow dagylar çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Jennet ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI