TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň Medeniýet öýünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu dabara etrabyň ýaş zenanlary işjeň gatnaşdylar.

Dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda kabul edilýän we üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet hem-de milli maksatnamalaryň netijesinde ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikleri barada aýdyldy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenjek şanly ýylynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygar astynda geçmeginiň ähmiýetine üns çekildi, şeýle hem ýylyň nyşanynyň many-mazmuny hakda durlup geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Bilbil JUMAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmengala etrap

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI