KÄMIL NESIL – BAGTLY GELJEGIŇ BINÝADY

Ýakynda Mary şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň kiçi we uly ýaşly okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Mary şäher häkimliginiň hem-de Mary şäher Polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Şäherdäki 36-njy orta mekdepde «Kämil nesil – bagtly geljegiň binýady» ady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlara giň orun berlip, onda bagtyýar nesillerimiziň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda edilýän taýsyz tagallalar we döredilýän mümkinçilikler, tertip-düzgün hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar zamanada döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Mähri SAPAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI