MILLI MIRAS – NESILLERE GÖRELDE

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň hem-de «Miras» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda etrabyň Murgap geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň halk ussasy Bäşim Welläýewleriň hojalygynda milli senetçilik sungaty bolan gazma dutarynyň ýasalyş aýratynlyklaryny, usullaryny ýaşlara ýetirmek maksady bilen «Milli miras – nesillere görelde» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlik duşuşygynda etrabyň Murgap geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň halk ussasy Bäşim Welläýew çykyş etdi. Ol milli senetçilik sungatyna degişli bolan gazma dutaryň gelip çykyşy, ýasalyş aýratynlyklary, şirin owazynyň aýratyn gudraty hem-de ýurdymyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda başy başlanan halypa-şägirtlik ýolunyň üstünlikli dowam etdirilýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, söhbetdeşligiň dowamynda etrap medeniýet bölüminiň bagşylarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp halk aýdymlary diňlendi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy, senetçilik sungatymyzy giňden ösdürmekde, dünýä ýaýmakda, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.

 

Hojamyrat AKMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI