NEÇJARÇYLYK SUNGATY – GADYMY SENET

Ýakynda halkymyzyň milli mirasyny ýaşlaryň içgin öwrenmegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, Sakarçäge etrap Geňeşleriniň, etrap Medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň ýaşaýjysy Annagül Gapurowalaryň maşgalasynda «Neçjarçylyk sungaty – gadymy senet» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň orunbasary Yklymmyrat Tuwakmyradow, etrabyň ýaşaýjysy Annagül Gapurowa çykyş edip, olar gadymy senetlerimiz, senetçilik sungatynyň asyrlar içre arzylanyp gelen kämil görnüşleriniň biri bolan neçjarçylyk sungaty barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, bu ýerde agaçdan gap-gaçlaryň, çemçeleriň ýasalyşy, olaryň bezelişi hakynda aýdyp, neçjarçy özüniň ýasan önümleri barada içgin gürrüň berdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ajaýyp zamanada okamaga, öwrenmäge, döretmäge, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýtdylar.

 

Merdan BEKMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI