ÝAŞLAR WATANYMYZYŇ GELJEGI – DÖWRÜMIZIŇ DAÝANJY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Ýaşlar Watanymyzyň geljegi – döwrümiziň daýanjy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa Murgap etrap Geňeşiniň işjeň agzalary we kitaphana işgärleri gatnaşdylar.

Işjeň häsiýete eýe bolan duşuşykda ýurdumyzda ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli, watansöýüji, ilhalar ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda alnyp barylýan işler dogrusyndaky täsirli çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil hakyndaky edýän aladalary, bu babatda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler we tutumly işler barada gyzykly gürrüňler edildi.

Täsirli geçen çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen ýaşlarynyň döwrebap ylym-bilim almagy, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Atageldi GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Murgap etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI