Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de şäher bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Baýramaly şäherindäki 10-njy orta mekdepde bilim alýan okuwçylaryň arasynda «Atym bar – ganatym bar» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolandygy barada buýsançly habary ýaşlara giňişleýin ýetirmek maksady bilen, geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda täsirli çykyşlar edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar asuda durmuşda ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Serdar BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Baýramaly şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
baş hünärmeni.