BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu günler ýurdumyzda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ýeňşi mynasybetli çäreler giň gerime eýe bolýar. Çünki bu günki gazanylýan üstünliklere döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Aýratyn-da ýaş nesilleriň döwlet we halkara derejesinde gazanýan ýeňişleridir üstünlikleri ýurdumyzyň buýsanjyna öwrülýär. Şundan ugur alyp, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda  Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ýeňşi mynasybetli ýaşlarda milli atçylyk sungatyna söýgini artdyrmak maksady bilen aýdym-sazly brifing duşuşygy geçirildi.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary – ýurdumyzyň buýsanjy» ady bilen geçirilen bu brifingde Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekili çykyş etdiler. Buýsançly çykyşlar Arkadag şäheriniň medeniýet-sungat ussatlarynyň aýdym-sazlaryna utgaşdy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 89 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA

12 Iýun 2025 | 375 okalan

MILLILIGIMIZ DABARALANÝAR