MEKDEP MUZEÝINE GEZELENÇ GURALDY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi etrapdaky 11-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda mekdep muzeýine «Gadymy taryhym – hazyna-genjim» atly gezelenç guraldy.

Mekdebiň mugallymy Gül Amangeldiýewa okuwçylara gadymy eksponatlaryň taryhy, many-mazmuny we olaryň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, şu gününiň bagtyýarlygyny wagyz etmek maksady bilen geçirilen gezelençde täsirli gürrüňler edildi. Gezelenç ýaşlarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy.

Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Jeren BAÝRAMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 24 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 23 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI