ADY DÜNÝÄ DOLAN TÜRKMEN BEDEWI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň, Baýramaly etrap Merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Ady dünýä dolan türkmen bedewi” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Baýramaly etrap Merkezi kitaphanasynda geçirilen duşuşyk täsirli çykyşlar bilen utgaşdy.

Onda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna bolan iş sapary hem-de ýurdumyzyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy, şeýle-de Diýarymyzda sirk sungatyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işler we Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren ajaýyp kitaplarynda türkmen bedewiniň ýyndamlygynyň, owadan keşbiniň nurana waspy dogrusynda giňişleýin nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň ählisi milli gymmatlyklarymyzy, taryhy ýörelgelerimizi dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Azat MUHIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 24 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 23 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI