OKUWÇY OGLAN-GYZLAR KÜŞTDE USSATLYGYNY GÖRKEZDILER

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki küşt ýaryşynyň welaýat tapgyry geçirildi.

Ýaryşa gatnaşmaga welaýatymyzyň ähli etraplaryndan gelen okuwçy oglan-gyzlara akyl-paýhas oýny boýunça ukyp-başarnygyny görkezmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa ýaryşyň gyzykly we guramaçylykly geçmegini üpjün etdi.

Küşt ýaryşynyň netijesinde okuwçy oglanlaryň arasynda Bäherden etrabynyň topary I, Ak bugdaý etrabynyň topary II, Kaka etrabynyň topary  III orny, okuwçy gyzlaryň arasynda Gökdepe etrabynyň topary I, Sarahs etrabynyň topary II, Bäherden etrabynyň topary III orny eýelediler. Ýeňiji toparlara hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Jeýhun SAPARGULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyňAhal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 1 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER

16 Iýul 2025 | 1 okalan

ZENAN ELI GYZYL GÜL

14 Iýul 2025 | 43 okalan

“ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY”