SUNGATYM BAR – SARPAM BAR

Ýakynda Ýolöten etrabynyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap Çagalar sungat mekdebiniň, Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Ýolöten etrap komitetiniň bilelikde guramagynda Ýolöten etrap çagalar sungat mekdebine gatnaýan çagalaryň arasynda «Sungatym bar – sarpam bar» ady bilen aýdym-sazly bäsleşik geçirildi.

Ýaşlaryň zehinini, döredijilik başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde çykyş eden çagalaryň her biri ussatlygyny görkezmegi başardy. Emin agzalarynyň adalatly baha bermegi bilen, döredijilik ukyplaryny açyp görkezip bilen ýaşlar baýrakly orunlara eýe boldular. Bäsleşikde ýeňiş gazanan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletimizi bagtyýarlyga, aýdym-sazyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň sag bolmagyny arzuw etdiler.

 

Uzukjemal BAÝSÄHEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 24 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 23 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI