Öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli medeniýetimiz we sungatymyz barha ösdürilýär. Bu babatda amala aşyrylýan dünýä nusgalyk işler türkmen halkynyň at-abraýyny arşa göterip, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy ösüşleriň belent basgançaklaryna çykarýar. Şeýle taryhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, ösdürmek döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň esasyny düzýär.
Her bir halkyň medeniýeti — taryhyň açyk kitabydyr. Onuň her bir sahypasy bolsa geçilen durmuş ýolunyň tükeniksiz ruhy-ahlak kämilligini beýan edýär. Dünýäde her bir halk özüniň medeniýeti, sungaty, aýratyn hem tanslary we folklor çykyşlary bilen tanalýar.
Türkmen tans sungaty hem gadymy kökleri we häzirki zaman äheňleri, özboluşly sazlaşygy özünde jemleýär. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze keşbe eýe bolup, şol bir wagtyň özünde ruhy mirasymyzyň baý dessurlaryny açyp görkezýär. Tanslarymyzyň aýrylmaz bölegi bolan “Küştdepdi” tansy hem öz aýratynlyklary bilen dünýä meşhurdyr. Dünýä jahankeşdeleriniň, sungat işgärleriniň bu tansymyza bolan gyzyklanmasy has-da ýokary. Muňa gadymy tans sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna girmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Asyrlaryň synagyndan geçip, ata-babalarymyzdan miras galan akgynly aýlanyp ýerine ýetirilýän ajaýyp küştdepdi tansy häzirki wagtda türkmen topragynda toýlanýan baýramçylyklaryň ählisiniň aýrylmaz bir bölegidir.
Milli mirasymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy giňden öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Aýjeren GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
21.12.2017ý.