Gahryman Arkadagymyzyň eserlerindäki pikir-garaýyşlar, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewler halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň durmuş ýörelgesine we pelsepesine öwrüldi. Milli Liderimiziň ene topragy, ata Watany ýürekden söýmäge we ynsanperwerlige çagyryşlary, parasatly sargytlary häzirki we geljekki nesilleriň ruhy gymmatlygydyr.
Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetini ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen «Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Watana bolan söýgüniň beýany» atly «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi. Baý mazmunly, terbiýeçilik ähmiýetli çykyşlarda ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda, milli terbiýeli nesiller hökmünde kemala getirmekde Milli Liderimiziň döwet galamyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleriniň ähmiýeti dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.