SAGLYK AKYLDAR ŞAHYRYŇ GARAÝŞYNDA

Magtymguly Pyragynyň çuňňur manyly şygyrlary kalba siňýär, ýüregiň töründen orun alýar, ruhy lezzet paýlaýar.

XVIII asyr türkmen poeziýasy Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol döwür türkmen döwletiniň binýadynyň berk, sarsmaz boljakdygynyň, ýagty geljegiň we ykbalyň miýesser etjekdiginiň il-güne öňdengörüjilik bilen wagyz edilen aýratyn bir öwüşgine eýe bolan täze bir döwri bolupdyr. Şol sebäpli-de, şahyr özüniň şygyrlarynda agzybirlik, asudalyk, adalatlylyk, watansöýüjilik, mertlik, batyrlyk ýaly ynsany bezeýän oňat gylyk-häsiýetleri ündew edýän parasatly pikirleri öňe sürüpdir. Şahyryň belent adamkärçiligi, halallygy, päkligi öwüt-ündew edýän terbiýeleýji şahyrana setirleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze öwüşgine eýe bolup, häzirkizaman türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyna hem-de kämilligine öz sesini goşýar. Beýik Pyragy her bir ynsanyň sagdyn pikirli bolmagy hem-de jemgyýetiň sagdyn bolmagyny arzuwlapdyr. Bu arzuw hut biziň şu günlerdäki bagtyýar günlerimizde wysal bolýar.

Akyldaryň ynamyna görä, durmuşyň hözirini görmek üçin sagdynlyk zerur diýip hasaplapdyr. Ol şonuň üçinem, ýaşaýşyň diregi bolan saglygy goramalydygyny nygtap şeýle diýipdir:

Saglygyň gadryny bilgil,

Hassa bolmazdan burun.

Hakdan halatly dana Magtymguly Pyragynyň saglygyň gadryny bilendigi örän hakdyr. Lukman ýaly dertlilere derman bolsaň diýen şahyr ömrüni ynsan saglygyny goramaga bagyş eden lukmanlaryň kärine hormat goýýar. Şonuň üçinem, şahyryň şygryýet älemindäki saglyk baradaky paýhas ummany her bir ynsanyň köňlünde öz ornuny tapýar.

 

Merdan ATAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2025 | 7 okalan

MÄHRIBAN WATANYMYŇ PARAHATÇYLYK MUKAMY

24 Sentýabr 2025 | 204 okalan

PARAHATÇYLYK — ÝAŞLARYŇ RÖWŞEN GELJEGI

22 Sentýabr 2025 | 187 okalan

TÜRKMENISTAN ÖSÜŞ WE ROWAÇLYK ÝOLUNDA