SUHUMI DÖWLET UNIWERSITETINDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ OTAGYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY

 

     2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde ýerleşýän Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragynyň otagynyň açylyş dabarasy geçirildi. Otagyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan Suhumi döwlet uniwersitetiniň işjeň gatnaşmagynda guraldy. Bu dabara türkmen wekiliýeti, şeýle-de uniwersitetiň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.

     Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlige, parahatçylyga we agzybirlige çagyrýan ündewleri häzirki wagtda adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatly mirasydyr. Dürli dillere terjime edilen şahyryň goşgulary bilen bu günki gün dünýäniň ençeme okyjylary gyzyklanýar. Bu ýerde Magtymguly Pyragynyň otagynyň açylmagy geljekde gruzin halkynyň türkmeniň taryhy, medeniýeti we däp-dessury bilen has içgin tanyşmaklaryna ýardam berer.

     Dabaranyň soňunda türkmen bagşy-sazandalary türkmen milli sazlaryny ýerine ýetirdiler.

 

Aýjan SAPAROWA,

"Medeniýet we syýahat" žurnalynyň jogapkär kätibi.

 

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2025 | 46 okalan

MÄHRIBAN WATANYMYŇ PARAHATÇYLYK MUKAMY

24 Sentýabr 2025 | 216 okalan

PARAHATÇYLYK — ÝAŞLARYŇ RÖWŞEN GELJEGI

22 Sentýabr 2025 | 203 okalan

TÜRKMENISTAN ÖSÜŞ WE ROWAÇLYK ÝOLUNDA