ÜÇ ASYRYŇ GÜNEŞI

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” atly bäsleşigine

Bu Zemini gurşap  almyş ýalkymy,

Magtymguly — üç asyryň Güneşi.

Pähim bilen çoýdy dünýäň halkyny,

Magtymguly — üç asyryň Güneşi.

 

Şol pähimde adalatyň ak ýoly,

Şol pähimde sahawatyň päk ýoly,

Şol pähimde ynsanýetiň ykbaly,

Magtymguly — üç asyryň Güneşi.

 

Ol Güneş bir gudrat bilen dörändir,

Onyň nury paýhas siňen kelamdyr,

Şol kelamam bu gün dilde senamdyr,

Magtymguly — üç asyryň Güneşi.

 

Ol kalplara baky ýagtysyn salar,

Ýyllar geçdigiçe belende galar,

Ynsana ebedi şamçyrag bolar,

Magtymguly — üç asyryň Güneşi,

 

Bedew batly Galkynyşly eýýamda,

Gudratly sözleri çar ýan ýaýranda,

Paýhasyna dünýä ýüzi haýranda,

Magtymguly — üç asyryň Güneşi,

 

Zyýada ÝUSUBOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

“Bereketli toprak” gazeti. 04.05.2024ý.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2025 | 49 okalan

MÄHRIBAN WATANYMYŇ PARAHATÇYLYK MUKAMY

24 Sentýabr 2025 | 219 okalan

PARAHATÇYLYK — ÝAŞLARYŇ RÖWŞEN GELJEGI

22 Sentýabr 2025 | 205 okalan

TÜRKMENISTAN ÖSÜŞ WE ROWAÇLYK ÝOLUNDA