ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI

       Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan «Salkyn» kenar seýilgähinde «Çagalary goramagyň halkara güni» mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çagalary goramagyň halkara güni biziň ýurdumyzda giňden bellenilýär. Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni jemgyýetçilik çäreleri türkmen halkymyzyň durmuşuna hem bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döreýär. Bu şanly gün mynasybetli, geçirilýän her bir çäreler baldan süýji balalara unudulmajak täsirleri, şatlyk duýgularyny peşgeş berdi. Aýdym-sazly baýramçylyk çäresiniň ahyrynda körpejeler öz ýürek buýsançlaryny hem beýan etdiler.

 

Maýagül GARAJAÝEWA,

TMÝG-nyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 76 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 67 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 52 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT