Ýakynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Balkan» köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçirildi. Munuň özi iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryndaky ösüşiň täze derejä çykýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Goňşy ýurduň wekilçilikli toparynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Bu bolsa iki dostlukly ýurduň goňşy sebitleriniň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açýan waka öwrüldi.
Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýjy önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalaryň 70-den gowragynyň wekilleri bar. Goňşy ýurduň sergä gatnaşýan düzümleriniň sanawy Eýran Yslam Respublikasynyň gaýtadan işleýän senagatynyň we goňşy ýurduň işewür düzümleriniň geljegi uly hasaplanylýan türkmen bazarynda eýeleýän ugurlaryny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny äşgär edýär.
Üç günläp dowam eden eksport mümkinçilikleriniň sergisinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň oba hojalygynda we azyk senagatynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleri, öz öndürýän önümleridir hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar, şeýle hem sergä gatnaşýan kärhanalaryň ösüş meýilnamasy we beýleki gyzyklandyrýan meseleler boýunça giňişleýin maglumat berdiler.
Mämmetoraz ORAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.












