Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň bilelikde yglan eden «Ýaşlar – ýurduň geljegi, ýaşlyk – ömrüň gülşeni» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmegi, täze ýaş zehinleri ýüze çykarmagy, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmagy maksat edinen bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden döredijiligiň ýaş wekilleriniň goşgularydyr hekaýalary, makalalarydyr oçerkleri gelip gowuşdy.
Eminler toparynyň agzalary bäsleşige hödürlenen eserleri içgin seljermek bilen, olaryň täsirliligine, maglumatlara baýlygyna, diliniň çeperçiligine we many-mazmunyna baha berdiler. Olaryň arasyndan iň gowy eserler saýlanyldy we şu aşakdaky ýaşlar ýeňiji diýlip yglan edildi:
“Arkadagly Ýaşlar” elektron žurnalynyň öz habarçysy Gurban Gurbanow Baş baýraga, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy Nurmuhammet Haşyrow 1-nji orna, Gökdepe etrabyndaky 18-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Mahym Nurgeldiýewa, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Tekäýew Süleýman 2-nji orna, şeýle hem Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň uly maslahatçysy Mekan Jepbarow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby Bagtyýar Gurbanberdiýew, Daşoguz şäher Ýylylyk müdirliginiň energetik inženeri; Ylham Gurbanalyýew, Türkmen döwlet maliýe insitutynyň mugallymy Jumageldi Salamow dagylar baýrakly 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bulardan başga-da, Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Hemra Täçgylyjow, Görogly etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň mugallymy Guwanç Ballyýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň naharhana müdiri Mekan Dolyýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Nurmyrat Aşyrow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Ogulgerek Ataýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Ogulgerek Zakirjanowa, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Jeren Bäşimowa, Sakarçäge etrabynyň 45-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Gözel Ýazgeldiýewa dagylar bäsleşige hödürlän täsirli makalalarydyr goşgulary üçin redaksiýanyň adyndan höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanyldy.
Dabaranyň çäklerinde ýeňijiler bilen bir hatarda, «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň döreedilen güni mynasybetli žurnalyň sanlarynda işjeň çykyş edýän ýaşlara hem Hormat hatlarydyr sowgatlar gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzyň geljegi bolan bagtdan paýly ýaşlaryň ýagty geljegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän, Diýarymyzy ösüşlere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gurban MYRADOW,
«Arkadagly Ýaşlar» elektron
žurnalynyň jogapkär kätibi.












