«MERDANA NESIL – 2025» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGINIŇ ŞÄHER TAPGYRY GEÇIRILDI

Ýakynda Balkanabat şäherindäki 3-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatyň Balkanabat şäher Geňeşiniň, Baş bilim müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Merdana nesil-2025» atly şadyýan bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Guramaçylykly ýagdaýda geçen bäsleşige mekdebara saýlama tapgyrlarda öňe saýlanan okuwçy oglanlar gatnaşdy.

Owadan sahnany Watanymyzyň merdana nesliniň, zehinli çagalaryň joşgunly çykyşlary bezedi. Bäsleşik üç şert boýunça geçirilip, onuň birinji şertinde eziz Watanymyza, merdana türkmen halkymyza bolan söýgüni, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly, asylly ýol-ýörelgelerine belent sarpany, bagtyýar döwrümiziň milli özgertmelerine bolan buýsanjyny gatnaşyjylar çeper sözüň üsti bilen beýan etdiler. Çagalar bäsleşigiň ikinji şerti boýunça ýekelikde şorta söz ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan uly ösüşleri, dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

«Merdana-nesil 2025» bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda, eminleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan zehinli çagalar baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Çäräniň ahyrynda ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Noýabr 2025 | 39 okalan

«ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY»

24 Noýabr 2025 | 44 okalan

BAGTYÝAR ZAMANANYŇ BAGTLY ÝAŞLARY