«MERDANA NESIL – 2025» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGINIŇ MAGTYMGULY ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň hem-de Magtymguly etrap bilim bölüminiň bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumbilim berýän mekdeplerinde okaýan oglanlaryň arasynda yglan edilen «Merdana nesil – 2025» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şadyýan bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaş nesillere şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Humaý ANNAGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Noýabr 2025 | 39 okalan

«ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY»

24 Noýabr 2025 | 45 okalan

BAGTYÝAR ZAMANANYŇ BAGTLY ÝAŞLARY