Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa: umumy ruhy we aň-bilim mirasy – umumy geljek» atly halkara kongresi geçirildi. Bu halkara kongrese Merkezi Aziýa hem-de Azerbaýjan döwletleriniň dürli düzümlerinden hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinden, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap hem-de Daşoguz şäher Geňeşlerinden düzülen wekiliýetler gatnaşdylar. Türkmen wekiliýeti bolup Özbegistan Respublikasyna ilkinji ädimlerimizden başlap, özbek halkynyň gyzgyn mähir bilen garşy almagy, milli tagamlaryndan hödür-kerem etmegi hem-de Daşkent şäheriniň köçelerinde mukaddes ýaşyl baýdagymyzyň parlamagy dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň nähili derejede berkdiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
.jpg)
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Buhara şäheriniň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelenç etdiler. Kongres Daşkent şäherinde Yslam Siwilizasiýa Merkezinde geçirildi. Dabaraly açylyşda ilki bilen Yslam Siwilizasiýa Merkeziniň içine gezelenç edildi. Onuň içi Özbegistanyň geçmişinden häzirki döwrüne çenli aralykdaky taryhy, medeniýeti, ylym-bilim hem-de dürli ugurlarda edilen işleri sergilenen. Ol ýerde halkara kongresine gatnaşmaga gelen wekiliýetlere ilkinji gezek VI asyrda Osman Mushafiniň ýazan mukaddes Gurhanymyzy görkezmekleri bolsa, gatnaşanlaryň ýatdan çykaryp bilmejek pursatlarynyň biri boldy. Soňra bolsa halkara kongres öz işine başlady.
Halkara Kongres ilki bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çärä gatnaşyjylara iberen Gutlag sözüniň okalmagy bilen başlandy. Soňra bolsa Türkmenistanyň adyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministri çykyş edip, onda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Azerbaýjanyň umumy taryhynyň, medeni mirasynyň hem-de däp-dessurlarynyň birdigini belläp geçdi. Şeýle-de Merkezi Aziýada ruhy mirasy gorap saklamak, aň-bilimi ösdürmek we ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm ugurlardygyny belledi. Elbetde ruhy mirasyň sebitiň halklaryny birleşdirýän iň möhüm mukaddeslikleriň biri bolup, geçmiş taryhymyz bilen geljegi birleşdirýän baglanşygyň ýaş nesillerimiziň ynsanperwerlik, agzybirlik ruhunda ýetişdirmekde öz beýanyny tapýandygy barada giňişleýin çykyş etdi.
Halkara kongresiň dowamynda dürli ugurlar boýunça sessiýalar geçirildi. Şol sessiýalaryň biriniň hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýaşlar guramalaryna bagyşlanyp geçirilmegi, diňe bir biziň ýurdumyzda bolman, eýsem beýleki ýurtlarda hem, ýaş nesillere geçmiş bilen geljegiň arasyndaky esasy köpri hökmünde garalýandygy, olara döwletiň ösüşinde, özgerişinde we ähli pudaklarda ýaş nesilleriň çykyş edip, uly işleri alyp barmagynda uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Biz ýaş nesillere uly ynam bildirip, halkara derejede okap bilim almaga, döredijilikli, halal zähmet çekmäge we ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagymyz üçin ähli zerur mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin!
Altynaý MÄMMETNAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.












