SPORT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň, etrabyň Bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 20-nji orta mekdebinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli etrabyň mekdep okuwçylarynyň arasynda “Sport sagdynlygyň gözbaşy” ady bilen bilen futbol boýunça ýaryş geçirildi.

Sport bäsleşiginde Tagtabazar etrabynyň “Serhetçi”, “Pendi” we “Ýaşlyk” futbol toparlary özara bäsleşdiler. Bäsleşik örän çekeleşikli we dartgynly dowam edip, ýaş türgenler öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Oýunyň ahyrynda üstünlikli çykyş edip, etrabyň 1-nji sport mekdebiniň “Pendi” topary 1-nji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bolan topara we aýratyn tapawutlanan türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen sportunyň dabaralanmagy ugrunda irginsiz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Täzegül ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

TEBIGAT WE BIZ

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 22 okalan

GADYMY TARYHYM — HAZYNA-GENJIM

20 Noýabr 2025 | 25 okalan

SPORT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

18 Noýabr 2025 | 55 okalan

TEBIGAT WE BIZ