Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň 9-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, bilim özgertmelerini dowam etdirmek, türkmen medeniýetini, edebiýatyny, taryhyny täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek maksady bilen «Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew batly ösüş ýolunda barýan ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän sepgitleriň, öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy we durmuşa geçirilýän beýik işler dogrusynda täsirli çykyşlara uly orun berildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň agyrynda oňa gatnaşanlar, bagtyýar halkymyzyň ýürek sesini duýup arzuwlaryny hasyl edýän ýaşlarymyza okamaga, öwrenmäge, döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ählitaraplaýyn mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadygymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Alfiýa ŞEMMIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












