TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň «Arkadag» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Geçirilen söhbetdeşligiň başynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güniniň toýdur-baýramlara beslenýändigi, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistan döwletimizde türkmen alabaýynyň baýramynyň uly dabara bilen bellenilip geçilýändigi hakynda gürrüň edildi.

Türkmen alabaýynyň halkymyzyň milli mirasynyň, taryhynyň we asyrlara uzap gidýän wepaly gatnaşygyň nyşanyny dabaralandyrýandygy, ýurdumyzyň çäklerinde tapylan arheologik tapyndylaryň alabaýyň türkmenleriň durmuşynda eýelän ornunyň örän uludygy barada gyzykly gürrüňlere giň orun berildi.

Geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Röwşen MAKSATMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

 

Meňzeş habarlar

31 Oktýabr 2025 | 51 okalan

TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK

31 Oktýabr 2025 | 59 okalan

DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

30 Oktýabr 2025 | 49 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI