«KÖPETDAG» TOPARY FUTZAL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONLYGYNA TARAP ÝENE BIR ÄDIM ÄTDI

Aşgabadyň «Köpetdag» topary ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň 15-nji tapgyrynda ýeňiji bolmaga dalaşgärleriň birini, ýagny «Senagatbank» toparyny 5:3 hasabynda utmak bilen, futzal boýunça Türkmenistanyň çempionlygyna tarap ýene bir ädim ätdi.

14-nji, 15-nji we 16-njy tapgyryň duşuşyklary Mary şäheriniň birinji sport mekdebiniň sport zalynda geçirilýändigini ýatladýarys.

15-nji tapgyryň beýleki iki duşuşygynda «Ahal» topary «Migrasiýa» toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi, Türkmenistanyň öňki çempiony «Deňizçi» topary bolsa Türkmenbaşyda geçen duşuşykda TNGIZT toparyny 7:1 hasabynda utdy.

Bu duşuşyklardan soň 37 utuk toplan «Köpetdag» topary öňdeligini berkitdi. «Ahal» topary häzirki çempiondan 12 utuk yzda barýar. Üçünji orny 22 utuk toplan «Deňizçi» topary eýeleýär. «Senagatbank» toparynyň 21 utugy, «Migrasiýa» toparynyň bolsa 15 utugy bar. Ýaryş sanawynyň ahyrynda 7 utugy bolan TNGIZ topary barýar.

16-njy tapgyrda «Ahal» topary «Deňizçi» topary bilen, TNGIZT topary «Köpetdag» topary bilen we «Senagatbank» topary bolsa «Migrasiýa» topary bilen duşuşar.

turkmenistan.gov.tm