GARAŞSYZLYGYŇ DATLY MIWELERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň her bir güni toýdur-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Agzybir hem-de zähmetkeş halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jem bolup, özüniň naýbaşy baýramyny Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toýuny uludan toýlady. Her ýylyň tylla güýzünde döwlet derejesinde ýokary guramaçylykly bellenilip geçilýän ýurdumyzyň Baş baýramyna garaşmagyň, ony mynasyp garşy almagyň özi-de, her bir raýata uly buýsanç duýgularyny bagyş edýär. Garaşsyzlyk baýramçylygyny mynasyp garşylamak, oňa mynasyp toý sowgadyny taýynlamak üçin ähli pudaklarda zähmet üstünlikleri gazanylýar. 34 ýyl diýmek gojaman taryh üçin uly bir döwür bolmasa-da, garaşsyzlyk ýyllary içinde, aýratyn hem soňky ýyllarda ýurdumyzda bitirilen işler, amala aşyrylan özgertmeler asyrlara barabardyr. Häzirki wagtda halkara giňişliginde mynasyp orun eýeleýän Türkmenistan ýurdumyz dünýä döwletleri bilen, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm bölekleri bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän parahatsöýüjilikli, ynsanperwer ýörelgeleri bu gün dünýä halklary tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.

«Garaşsyzlyk türkmen halkyna näme bagyşlady?» diýen sowala birbada bir söz bilen jogap bermeklik gaty kyn. Bu sowalyň jogaby juda giň we köp ugurlary öz içine alýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýä inip, şol döwürde ösüp kemala gelen ýaş nesliň wekili hökmünde bu sowalyň jogabyna şeýleräk jogap bermek bolar: - Garaşsyzlyk ýyllary içinde bütinleý özgerip, gözel keşbe giren, täze döredilen obadyr şäherleriň keşplerinde, ýurdumyzda dünýä ülňülerine kybap gelýän bilim ojaklaryň, ýokary okuw mekdepleriň, orta mekdepdir çagalar baglaryň, kitaphanalaryň, sport desgalaryň, ak mermerli döwrebap jaýlaryň sany ýylyň-ýylyna barha artmagynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň biziň halkymyza eçilen miwelerini görüp, janly şaýady bolýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen diňe bir bilim pudagy däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli pudaklary uly ösüşlere beslenýär. Dünýä döwletlerine çig mallary we birnäçe harytlary eksport etmekde ýurdumyz öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Daşynda “Türkmenistanda öndürilen” diýlen ýazgyly dürli azyk önümleriniň, hojalyk harytlarynyň köp görnüşleriniň içerki bazarlarymyzy doldurmagy, goňşy döwletleriň, daşary ýurtlaryň bazarlarynda hem, bu önümlere islegleriň atmagy hem Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen miweleriniň bir bölegidir.

Bu gün türkmen halkymyz asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde erkana ýaşaýar. Asudalyk, erkanalyk – Garaşsyzlygymyzyň halkymyza peşgeş beren bahasyny hiç bir gymmatlyk bilen ölçäp bolmajak miwesidir. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan biz ýaşlara örän uly üns berilýär. Gözel diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim almak, okamak, öwrenmek we döretmek üçin ähli mümkinçilikler bar. 1-nji synpa mekdebe barýan körpejelere hormatly Prezidentimiziň adyndan “Bilimli” kompýuterleriň sowgat berilmegi, internetiň we sanly ulgamyň ýokary derejede ösmegi, ýylyň-ýylyna döwrebap kitaphanalaryň açylmagy, ýokary okuw mekdepleriň sanynyň artmagy, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artmagy, türkmen ýaşlarynyň halkara bäsleşiklerinde ýeňiji bolmaklary hem elbetde, Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen datly miweleridir. Döredilip berilýän şeýle giň mümkinçilikler netijesinde ýagty geljege tarap ynamly barýan Watanymyzda zähmet çekip, çagalara ylym-bilim, sowat öwretmek mugallym kalbymy guwandyrýar.

Baş baýramymyz – Garaşsyzlyk baýramy gutly bolsun! Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzy şeýle eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Aýnur NEPESGULYÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň mugallymy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz

welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

29 Sentýabr 2025 | 76 okalan

GARAŞSYZLYGYŇ DATLY MIWELERI

29 Sentýabr 2025 | 105 okalan

KITAP — ÝAGTY GELJEGE TARAP ÝOL

29 Sentýabr 2025 | 48 okalan

HALK BÄHBITLI ÇÖZGÜTLER