HALK BÄHBITLI ÇÖZGÜTLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Bilşimiz ýaly, sentýabr aýynyň 19-nda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda taryha altyn harplar bilen ýazyljak bu maslahatda birnäçe möhüm resminamalara we tekliplere seredildi.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýaşlaryň bilim derejelerini ýokarlandyrmak, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen ýurdumyzda ähli mümkinçilikleri bolan ýaşaýyş jaýlary, umumybilim berýän mekdepler, çagalar baglary, ýokary okuw jaýlary we beýleki durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berildi.

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde öňe sürlen teklipler esasynda welaýatlarda täze etraplaryň açylmagy hem halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrylýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Halk Maslahaty halk bähbitli çözgütleriň esasy çeşmesidir. Maslahat arkaly kabul edilen çözgütler bolsa jemgyýetde ynam we durnuklylygy döredýär.

Bize şeýle ajaýyp, asuda durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.

Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Sentýabr 2025 | 69 okalan

GARAŞSYZLYGYŇ DATLY MIWELERI

29 Sentýabr 2025 | 104 okalan

KITAP — ÝAGTY GELJEGE TARAP ÝOL

29 Sentýabr 2025 | 48 okalan

HALK BÄHBITLI ÇÖZGÜTLER