PARAHATÇYLYK — ÝAŞLARYŇ RÖWŞEN GELJEGI

Parahatçylyk adamzat üçin iň gymmatly hazynalaryň biridir. Ol jemgyýetde sazlaşygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň we öňe gidişligiň dabaralanmasydyr. Halklaryň, milletleriň, aýratyn-da ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň esasy şerti parahatçylykdyr.

Jemgyýetiň ösüşi diňe parahatçylykly ýagdaýda mümkin bolýar. Halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň, dost-doganlygyň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ykdysadyýetiň, medeniýetiň, ylym-bilimiň ösüşine giň ýol açýar. Parahat döwletiň raýatlary sagdyn ýaşaýar, bilim-terbiýe alýar, döredijilik bilen meşgullanýar. Şonuň üçin hem parahatçylyk ösüşiň, öňegidişligiň, bagtyýarlygyň aýrylmaz bölegidir.

Parahatçylygyň netijesinde ýaşlar halkara derejesinde bilim alýarlar, dürli bäsleşiklerde ýeňiş gazanýarlar. Şeýle mümkinçilikler ýaşlaryň öz geljegine ynam bilen seretmegine ýol açýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesliň sazlaşykly ösüşine aýratyn üns berilýär. Ýaşlaryň halkara derejesindäki okuw merkezlerinde bilim almagy, döwrebap sport desgalarynda ussatlyk derejesini artdyrmagy, sanly ulgam arkaly dünýäniň iň täze maglumatlaryndan habarly bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda döredilýän giň mümkinçilikler ýaşlary begendirýär, buýsandyrýar. Şonuň üçin biz — ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdyp, parahatçylygy röwşen geljegimiziň binýady hökmünde gorap saklamaga saldamly goşant goşjagymyzy ynandyrýarys.

Röwşen MAKSATMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Sentýabr 2025 | 83 okalan

PARAHATÇYLYK — ÝAŞLARYŇ RÖWŞEN GELJEGI

22 Sentýabr 2025 | 94 okalan

TÜRKMENISTAN ÖSÜŞ WE ROWAÇLYK ÝOLUNDA

18 Sentýabr 2025 | 185 okalan

GARAŞSYZLYK — HALKYMYZYŇ BUÝSANJY