ÝOLYŞYK — BIZIŇ DOSTUMYZ

Güýz paslynyň ilkinji aýynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu däbe eýerilip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji günlerinde biraýlyga üstünlikli badalga berildi. Şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň bilelikde guramagynda okuwçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleri biraýlygyň çärelerine baý many-mazmun we öwüşgin çaýýar.

Kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Ýolyşyk — biziň dostumyz!» atly çärelerde çagalara ýoldan geçmegiň düzgünleri, herekete gatnaşyjylaryň borçlary barada täsirli gürrüň berilýär, ýol hereketiniň kadalary, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri ýatladylýar. Çagalar bilen ýol hereketiniň düzgün-kadalary boýunça özara sowal-jogaplar hem alşylýar. Şeýle täsirli çäreler çagalar baglarynda körpeler bilen hem geçirilýär. Onuň barşynda çagalar ýol hereketiniň düzgünlerine degişli sahnalary ýerine ýetirýärler, aýdymlary aýdýarlar, ýol belgileriniň aňladýan manylaryny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan edýärler. Bu bolsa «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde guralýan düşündiriş, wagyz-nesihat işleriniň mazmunyny artdyrýar.

Gülälek ORANÝAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Sentýabr 2025 | 46 okalan

DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGI

16 Sentýabr 2025 | 52 okalan

ÝOLYŞYK — BIZIŇ DOSTUMYZ