WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde zähmet çekýän hünärmenleriň gatnaşmagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Içeri işler ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň wekilleri çykyş edip, sentýabr aýynyň 1-30 aralygynda bir aýlap dowam edýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde ýol herekediniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmegiň hem-de ýol ulag hadysalarynyň öňüni almagyň zerurlygyny, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegiň ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat çäreleriniň yzygiderli alnyp barylýandygyny bellediler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny röwşen geljege tarap ynamly alyp barýan, ata Watanymyzda ýaşlaryň bagtyýar ýaşamagy, bilim almagy, halal zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Oguljahan TÖRÄÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

12 Sentýabr 2025 | 8 okalan

“BIZ OWAZ BILEN”

12 Sentýabr 2025 | 14 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI