“ZENANLAR FORUMY” — DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA ÝETMEKDE ZENANLARYŇ TUTÝAN MÖHÜM ORNY

2025-nji ýylyň awgust aýynda, Türkmenistanyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça (LLDC-3) Üçünji Maslahatynyň çäklerinde, möhüm ähmiýete eýe bolan “Zenanlar Forumy” geçirildi. Bu forum gender deňligini üpjün etmek we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek arkaly durnukly ösüşiň gazanylmagyna zenanlaryň goşandyny güýçlendirmek meselelerine bagyşlandy. Forumda ösüp barýan ýurtlardaky zenanlaryň durmuşyndaky möhüm meseleleri — ykdysady taýdan ygtyýarlyk, gender deňligi, bilim we saglygy goraýyş ulgamyndaky deň mümkinçilikler, jemgyýetçilik ösüşine gatnaşmak ýaly temalary giňişleýin ara alyp maslahatlaşyldy.

Forumyň işine gatnaşyjylar hökmünde halkara guramalaryň, hökümet edaralarynyň, milli parlamentleriň, hususy pudagyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de ýaş lider zenanlaryň wekilleri çykyş etdiler. Olar öz ýurtlarynda durmuşa geçirilýän milli syýasatlar, üstünlikli taslamalar we zenanlara goldaw bermek bilen baglanyşykly tejribeleri paýlaşdylar.

Çäräniň Awazada geçirilmegi Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyga, durnukly ösüşiň maksatlaryna we gender deňligine bolan ygrarlylygynyň aýdyň beýany hökmünde çykyş edýär. Awaza häzirki wagtda halkara ähmiýetli çäreleriň üstünlikli geçirilýän möhüm merkezi hökmünde giňden tanalýar.

“Zenanlar Forumy” deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde gender taýdan deň mümkinçilikleriň döredilmegine, zenanlaryň ykdysady we jemgyýetçilik mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilen tagallalaryň pugtalandyrylmagyna möhüm itergi boldy.

Ogulbabek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar